- işlik
- [i:şlik]Grammatik termin Gymyldy-hereket we gymyldamazlyk ýagdaýy bildirýän söz topary.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem işlik - işligi.◊ dowamly öten zaman işligi — Grammatik termin Bir işiň, gymyldy-hereketiň birnäçe wagt dowam edenligini aňladýan işlik formasy.◊ düýp işlik — Grammatik termin Asyl we ýasama işlikleriň üýtgemeýän bölegi.◊ işligiň passiw formasy1) Grammatik termin Işligiň gaýdym derejesiniň goşulmasyny kabul etmek bilen ýasalýan forma.2) Grammatik termin Kömekçi işlik arkaly birleşýän sözleriň semantika taýdan bir bitewi many aňladýan grammatik kategoriýasy.◊ kem işlik — Grammatik termin Işlik kategoriýasyna degişli grammatik termin.◊ kömekçi işlik — Grammatik termin Goşma işliklerde esasy sözden soň gelýän işlik, goşma işligiň ikinji bölegi bolan işlik.◊ ortak işlik — Grammatik termin Edilýän gymyldy-hereketiň haýsy zamandadygyny bildirip, baglanýan sözlerini sypatlandyryp gelýän işlik formasy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.